Inspire & Collaborate
Go Viral
Festiwal döredijilik jemgyýetleriniň ösmegini öňe sürýär, bilelikdäki döredijilik taslamalaryna we innowatiw pikirlere ylham berýär, ýerli telekeçileriň habarlylygyny ýokarlandyrýar, şeýle hem medeniýetiň we senagatyň ulgamlarynyň hyzmatdaşlygyna goşant goşýar.
Özbegistan
17-18-nji mart
Gyrgyzystan
28-29-nji aprel
Täjigistan
26-27-njy maý
Gazagystan
23-24-nji iýun
Türkmenistan
28-29-njy iýul
Taslama barada
ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Ostin şäherinde geçirilýän SXSW festiwalyndan ylham alnyp döredilen "Go Viral Festival & Network x 48 HFR" inisiatiwasy sebit derejesinde inflýunserleriň, innowatorlaryň we döredijilik adamlarynyň arasynda gatnaşygy ýola goýmaga kömek edýär, şeýle hem olary maksatlaryna ýetmäge we özleridir jemgyýetleri üçin wajyp bolan meseleleri çözmäge höweslendirýär.

“Go Viral” festiwal bolmak bilen bir hatarda mediýa, biznes, medeniýet we tehnologiýa ugurlarynda ABŞ-nyň, Merkezi Aziýanyň we Gündogar Ýewropanyň öňdebaryjy bilermenleriniň alyp barmagynda leksiýalary, okuw-türgenleşik sapaklaryny, panel diskussiýalary, filmleri, aýdym-saz çykyşlaryny we beýleki çäreleri öz içine alýar.