Festiwal döredijilik jemgyýetleriniň ösmegini öňe sürýär, bilelikdäki döredijilik taslamalaryna we innowatiw pikirlere ylham berýär, ýerli telekeçileriň habarlylygyny ýokarlandyrýar, şeýle hem medeniýetiň we senagatyň ulgamlarynyň hyzmatdaşlygyna goşant goşýar
Taslama barada
ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Ostin şäherinde geçirilýän SXSW festiwalyndan ylham alnyp döredilen “Go Viral Festival & Network” inisiatiwasy sebit derejesinde inflýunserleriň, innowatorlaryň we döredijilik adamlarynyň arasynda gatnaşygy ýola goýmaga kömek edýär, şeýle hem olary maksatlaryna ýetmäge we özleridir jemgyýetleri üçin wajyp bolan meseleleri çözmäge höweslendirýär.

“Go Viral” festiwal bolmak bilen bir hatarda mediýa, biznes, medeniýet we tehnologiýa ugurlarynda ABŞ-nyň, Merkezi Aziýanyň we Gündogar Ýewropanyň öňdebaryjy bilermenleriniň alyp barmagynda leksiýalary, okuw-türgenleşik sapaklaryny, panel diskussiýalary, filmleri, aýdym-saz çykyşlaryny we beýleki çäreleri öz içine alýar.
Çäreler
“Go Viral” festiwalynyň kiçi göwrümli çäreleri ýylyň dowamynda diňe bir Gazagystanda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýada geçirilýär. Üç günlük “Go Viral” festiwaly 2017-nji ýyldan bäri her ýyl Almaty şäherinde geçirilýär. Bu festiwal mediýa, medeniýet, biznes we tehnologiýa ugurlarynda Gazagystanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Gündogar Ýewropanyň we ABŞ-nyň öňdebaryjy bilermenlerini we innowatorlaryny bir ýere jemleýär.
“Go Viral” jemgyýeti
Şu günki günde, “Go Viral” jemgyýeti 5 500-den gowrak adamy öz içine alýar. Olaryň arasynda žurnalistler, telekeçiler, döredijilik senagatynyň işgärleri, aktiwistler, şeýle hem tejribelerini, pikirlerini, ylham çeşmelerini paýlaşmak isleýän we täze taslamalardyr serhetüsti hyzmatdaşlyklary ýola goýmak üçin pozitiw energiýa almak isleýän beýleki iş ugurlarynyň wekilleri bar.
Wezipesi
“Go Viral” taslamasy ABŞ-nyň Gazagystandaky diplomatik missiýasy tarapyndan maliýeleşdirilýär we goldanýar. Taslama IWPR-yň Merkezi Aziýa wekilhanasy tarapyndan hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar. “Go Viral” taslamasy adamlara täze tehnologiýalaryň üsti bilen açyş etmäge, döretmäge, öz döredijiklerini mahabatlandyrmaga, maglumat bermäge, sosial mediýa we täze platformalar arkaly bütindünýädäki auditoriýa bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk saklamaga we olary gyzykdyrmaga mümkinçilik döredýär.

Ähli täzeliklerden wagtynda habarly bolmak üçin sosial mediýa sahypalarymyzy yzarlaň!


Bu websaýt ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň granty tarapyndan maliýeleşdirilýär. Şu ýerde ýerleşdirilen ähli pikirler, garaýyşlar we netijeler degişli awtorlara degişli bolmak bilen ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň garaýyşlaryny görkezmegi hökman däldir.

© 2022 Ähli hukuklary goragly