Türkmenistan
Aşgabatdaky “Go Viral” festiwaly!
Türkmenistan

“Go Viral” festiwallary diýmek:
Göz gamaşdyryjy sebitleýin çäreler
Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň innowatorlary
Täze aň-bilim
Pikirdeşler bilen gürrüňdeşlikler
Networking
Şahsy we hünär taýdan kämilleşmek üçin platforma
2-nji iýul
2-nji iýul
2-nji iýul
2-nji iýul
2-nji iýul
27 - 29 МАЯ
BIZIŇ ÄGIRT JEMGYÝETIMIZE GOŞUL!
Go Viral festiwalynyň dowamynda wagtyňyzy nädip peýdaly we gyzykly geçirmeli?
Salam! Eger siz bu görkezmäni okaýan bolsaňyz, onda biz siz bilen Go Viral festiwalynda duşuşarys, bu ajaýyp dälmi eýsem!

Islendik festiwal hem gatnaşyjylaryň, ýagny siziň goşandyňyz bolmazdan gyzykly geçmeýär. Şeýlelikde, wagtyňyzy peýdaly geçirmek näme etmeli?

Ilkinji bilen, Go Viral networking, pikirdeşleri, mentorlary, şeýle hem iş we şahsy kämillik üçin mümkinçilikleri tapmak üçin özboluşly platforma bolup durýar.

Bu platforma mediýa, tehnologiýa, biznes we medeniýet ugurlarynyň iň öňdebaryjy wekillerini bir ýere jemlär. Şeýlelik bilen siz öz proýektleriňizi sebit derejesinde amala aşyrmak üçin gerekli bolan hünärmenleri aňsatlyk bilen tapyp bilersiňiz!
Umumy maglumat
Festiwal 2-nji iýulda şenbe güni sagat 13:00-da başlar.

Ýeri: Ýyldyz myhmanhanasy

Eginbaş: Business casual (sebäbi bu festiwalda professional derejede networking hem göz öňünde tutulýar)

Arassaçylyk we düzgün-tertip: Ähli gatnaşyjylar arassaçylyk kadalaryna we düzgün-tertibe uýmalydyrlar. 

Iýmit: Mugt coffee break
Ýazylşyk
Festiwala gatnaşmak ýüz tutmalaryň arasyndan saýlamak arkaly amala aşyrylýar.

Wajyp: At ýazmak üçin niýetlenen etiketkalary alyň we olara atlaryňyzy ýazyň

Adyňyzy ýazan etiketkaňyzyň arkasyndaky QR kodlar arkaly festiwalyň programmasy bilen tanyşyp bilersiňiz. Muny hem alan bolsaňyz, indi gapy belliklerini wagt geldi
Gapy ýazgylary
Gapy ýazgylary sessiýalaryň geçirilýän ýerlerini görkezýär. Bizde olardan üç sanysy bar:
  • Media Zone
  • Technology Zone
  • Culture Zone 

Näme bilen gyzyklanýandygyňyza baglylykda, haýsy sessiýa gatnaşmak isleýändigiňizi ýa-da haýsy spikere sorag berjekdigiňizi meýilleşdiriň. Programmany öňünden gözden geçirseňiz gowy bolar (aşaga serediň).

Bu ýylky festiwalyň gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň hemmesiniň biri-biri bilen duşuşyp, dostlaşyp bilmegi üçin jemgyýeti berkitmäge gönükdirilendigini ýatdan çykarmaly däldiris.
Şonuň üçin ýeri bellige alanyňyzdan we gözden geçireniňizden soň, networking diwaryna käbir maglumatlary girizip bilersiňiz.
Networking diwary
Networking diwarynda siz öz wizitkalaryňyzy we özüňiz barada maglumat ýerleşdirip bilersiňiz. Diwar dörde bölünen:

  • Go Work (Eger işlemäge ýa-da tejribe geçmäge ýer gözleýän bolsaňyz maglumatlaryňyzy goýuň)
  • Go Mentor (Eger mentor gözleýän bolsaňyz maglumatlaryňyzy goýuň)
  • Go Сooperate (Eger iş/mümkinçilik hödürleýän bolsaňyz maglumatlaryňyzy goýuň)
  • Go Team (Eger siz öz pikiriňizi durmuşa geçirmek üçin topar gözleýän bolsaňyz maglumatlaryňyzy goýuň)

Özüňize laýyk gelýänini saýlaň we atlandyryşymyz ýaly “yzyňyzy” goýuň. Şeýle hem, festiwalda işjeň bolmagyňyzy, wizitkalaryňyzy ýerleşdirmegiňizi we paýlaşmagyňyzy maslahat berýäris (festiwal munuň üçin iň gowy mümkinçilik dälmi eýsem?).
Gün tertibi
Gün tertibi onlaýn elýeter.

Gün tertibi şulary öz içine alýar. 

  • Panel diskussiýalaryny diňläp, soraglaryňyzy berip, meseläňiziň çözgüdini tapyp ýa-da täze kynçylyklara baş goşup bilersiňiz.

  • Ussatlygy artdyryp boljak sapaklar we prezentasiýalar.
  • Işjeň bolmagyňyzy maslahat berýän interaktiw sessiýalar. Galyberse-de, işjeňligiňiz ýakymly garaşylmadyk sowgatlar bilen sylaglanar.

Çykyş edijileriň aýdanlaryndan bellikler alyň, soraglaryňyzy sapaklaryň arasynda diňleýjilere beriň ýa-da hiç maglumaty ýitirmezlik üçin, iň gowusy bu barada sosial mediýada paýlaşyň.

Bäsleşik we sosial mediýa

Festiwaly öz fotozonaňyza öwrüň! Başarydygyňyzça döredijilikli suratlary we wideolary düşüriň! 

Öz alan bellikleriňizi Instagramda surat ýa-da wideo bilen paýlaşyň, @goviral.ca belläň, we #GoViralFestival2022 #SearchInventSolve #GoViralAshgabat heşteglerini ulanmagy ýatdan çykarmaň. 

Festiwalda işjeň boluň we Go Viral merçine eýe boluň!

Üç sany ýeňijini random.org saýty arkaly saýlarys we netijeleri Duşenbe güni 18:00-da yglan ederis.

Pikirleriňizi biz bilen paýlaşyň!

Onlaýn seslenme formalary arkaly baha bermegiňizi haýyş edýäris? Biziň çärämiziň nähili bolandygyny bize diňe siz aýdyp bilersiňiz.

Her sessiýadan soň pikirleriňiz we teswirleriňiz gerek. Bu işimizi, taslamamyzy we geljekki çärelerimizi gowulaşdyrmaga kömek eder.
Gün tertibi
2-nji iýul
13.00 - 19.00
Ýazylşyk bütin gün
14.00 - 14.30
Açylyş
14.30 - 16.00
Mediýa
Room: 1
Panel diskussiýa
Rus dili
Kontent döretmekde Türkmenistandaky esasy ugurlar

Moderator:
Bibi Atamyradowa

Çykyş edijiler:
Şirin Begmyradowa
Anna Sultanowa
Tatýana Postnowa
14.30 - 16.00
Medeniýet
Room: 2
Masterklas
Türkmen dili
Mobil wideo önümçiligi

Tälimçi:
Aman Baýramow
14.30 - 16.00
Tehnologiýa
Room: 3
Masterklas
Türkmen dili
Türkmenistanda esasy IT ugurlary

Moderator:
Röwşen Gowşakow

Çykyş edijiler:
Maksat Astanakulow
Merjen Saparmuradowa
Oraz Atakişiýew
16.00 - 16.30
Сoffee break
16.30 - 18:00
Mediýa
Room: 1
Мастер-класс
Rus dili
Sanly gurallary ulanmak arkaly öz işiňi nädip satmaly we mahabatlandyrmaly?

Tälimçi:
Aleksandra Erkaýewa
14.30 - 16.00
Medeniýet
Room: 2
Çykyş
Türkmen dili
Wideo önümçiliginde netijeli toparlaýyn işi we iş gurşawyny döretmek

Çykyş edijiler:
"Ýoda Mahabat" topary
14.30 - 16.00
Tehnologiýa
Room: 3
Masterklas
Rus dili
Türkmenistanda e-söwda telekeçilik işini başlatmagyň esaslary we bu ugurdaky tejribeler

Tälimçi:
Azat Seýitmuhammedow
18.00 - 19.00
Aýdym-saz
Çykyş edijiler

Ähli täzeliklerden wagtynda habarly bolmak üçin sosial mediýa sahypalarymyzy yzarlaň!


Bu websaýt ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň granty tarapyndan maliýeleşdirilýär. Şu ýerde ýerleşdirilen ähli pikirler, garaýyşlar we netijeler degişli awtorlara degişli bolmak bilen ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň garaýyşlaryny görkezmegi hökman däldir.

© 2022 Ähli hukuklary goragly